"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza bolan iş sapary bizde ýakymly täsirleri galdyrdy. Aýratyn-da mähriban Arkadagymyz Amyderýanyň suw akymyny, kenarlarynyň tebigatyny, ekotalaplara laýyklykda gurlan desgalaryň işleýşini uly höwes bilen synlady. Mähriban Arkadagymyzyň daşky gurşawyň meselelerine we ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly üns bermegi tebigata we Watana bolan söýgini biri-birinden aýry göz öňüne hem getirip bolmaýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň bütin taryhynyň onuň mähriban topragy, gözel tebigaty, derýalary, uç-gyraksyz Garagum çöli, bereketli dag-düzleri bilen baglanyşyklydygyny elmydama nygtaýar. Döwletimiziň ekologiýa syýasatynda suw gorunyň sarpaly we tygşytly ulanylyşyna uly üns berilýär. Şu babatda alanyňda, Amyderýanyň ähmiýeti hem juda uludyr, sebäbi Amyderýa diňe bir ekerançylyk ýerlerini däl, eýsem, döwletleriň, şäherleriň we obalaryň ilatyny hem suw bilen üpjün edýär.

Durnukly ösüşiň bähbidine

Häzirki zaman şertlerinde dünýä ähmiýetli meseleleri netijeli çözmek babatda hil taýdan döwrebap başlangyçlary ynamly öňe sürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy işjeňliginiň aýratynlygy bolup durýar. Bu aýratynlyk, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň işjeňligini, çeýeligini we köptaraplylygyny häsiýetlendirýär. Döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem dünýä jemgyýetçiliginiň gaýragoýulmasyz meselesi bolan howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Çünki häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi adamzadyň geljekki durnukly ösüşi bilen bagly bolan ekologiýa meselelerini üns merkezine çykarýar. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de tutuş adamzady tolgundyrýandygy bilen baglydyr. Soňky onýyllyklarda howanyň üýtgemegi we onuň daşky gurşawa, ykdysadyýete we jemgyýete ýetirýän zyýanly täsirleri Durnukly ösüş maksatlarynyň has möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Ýaşyl altynyň» gymmaty

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasyna laýyklykda daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň ykdysady-geografik ýerleşişiniň amatlyklaryndan netijeli peýdalanmak «ýaşyl ykdysadyýet» syýasatynyň mazmunydyr. Ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmegiň hasabyna azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan önümçilikleri çalt depginlerde ösdürmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk pudaklary kuwwatly depginlerde ösýär. Hil, mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandyrylýar we toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Abadançylyk, ösüş maksatlaryna ýetmekde adamzadyň ilkinji ygtybarly hemrasy bolup gelýän ösümlikleriň görnüşlerini artdyrmak, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ynsanlyk borç hasaplanylýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň milli derejedäki toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegi, yklymlaryň, sebitleriň arasynda ählumumy ähmiýete eýe bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegi, netijeli çözgütleri işläp taýýarlamagy, onuň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna innowasion häsiýetli, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl ykdysadyýetiň» diplomatik ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaklyk tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakda, energiýanyň täze çeşmelerini, netijeli usullaryny öwrenmekde, ek

Daşky gurşawyň goragy

Täze taryhy döwürde «Ýaşyl ösüşiň strategiýasy» ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitlendi. Onuň öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslanýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şu zatlar barada gürrüň edilende, bu gün BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de Milli we sebit derejelerindäki beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde, ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasynyň ýerine ýetirilýändigi aýratyn bellenilmelidir. Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, bu täsin suw howdanynyň baý tebigy we biologiýa serişdelerinden aýawly peýdalanmak ýurdumyzda öňe sürülýän ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda gurlan hem-de gurulýan döwrebap sagaldyş merkezleriniň we myhmanhanalaryň, şeýle hem senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ölçeglere laýyk gelmegi olaryň esasy aýratynlygy hökmünde öňe çykýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan giň gerimli bag ekmek işleri hem ekologiýanyň goraglylygyna hyzmat edýär. Bu ýagdaýlaryň ählisi deňziň türkmen kenarynda dynç alýanlar üçin hemişe gök öwüsýän emeli tokaý zolaklarynyň, täze seýilgähleriň, dynç alýanlaryň saglygyna oňaýly täsirini ýetirýän ýa

Ýur­du­myz­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni giň­den bel­le­nil­di

Aş­ga­bat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň eda­ra bi­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp «Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň döw­let eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty — dur­nuk­ly ösü­şiň we «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bin­ýa­dy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Fo­ru­ma Mil­li Ge­ňe­şiň we­kil­le­ri, te­bi­ga­ty go­ra­ýyş dü­züm­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr hü­när­men­le­ri, ýur­du­my­zyň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň — BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, BMG-niň Daş­ky gur­şaw ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň eko­lo­gi­ýa bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ger­man hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.  Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni 1972-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip, şon­dan bä­ri hem köp ýurt­lar­da bel­le­nil­ýär. Ol dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni hä­zir­ki döw­rüň äh­lu­

Ýaşaýşyň altyn çeşmesi

Tebigat gözelliklerine bolan söýgi türkmen halkynyň däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda mizemez orna eýe. Tebigy baýlyklardan aýawly hem-de ýerlikli peýdalanmagy başaran ata-babalarymyz ony nusgalyk ýol hökmünde nesillere miras goýupdyrlar. Çünki dünýäniň islendik döwletiniň ösüşi we ilatyň ýaşaýyş derejesi jemgyýetçilik, ykdysady, tebigy-geografik, geosyýasy, tehnogen... görkezijilere bagly. Häzirki wagtda güneşli ýurdumyzda tebigaty goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek babatda geljegi nazarlaýan uzak möhletleýin maksatnamalar kabul edilýär we yzygiderli durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň ençemesine goşulandygyny bellemek bolar. Ekologik howpsuzlyk esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça çemeleşmeler diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitleýin we bütindünýä tebigaty goramak meselelerine degişlilikde alnyp barylýar. Türkmenistan ählumumy ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Golaýda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçirilen «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat hem munuň aýdyň güwäsidir.

Daşky gurşawy goramaklyga maksatnamalaýyn çemeleşilýär

Daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmenistan halkara derejede möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edip, bar bolan ekologiýa meselelerini çözmäge hem-de olaryň öňüni almaga täze çemeleşmeleri teklip edýär. Türkmen tarapynyň Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin suw meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümini döretmek baradaky teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Türkmenistanda halkara ähmiýetli täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi bilen birlikde, milli derejede ekologiýa we suw meseleleri boýunça iri taslamalary amala aşyrmakda zerur şertler döredilýär. Uly tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi saklamak, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de beýleki ugurlar boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak bilen bagly kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy, Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, öri meýdanlarynyň ulanylmagynyň kadalaşdyrylmagy we beýleki ençeme çäreler ýurdumyzyň hem-de tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsi

Ýaşyl gurşawyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ähli halkymyz agzybirlik bilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi belläp geçdi. Bu baýramçylyk senesi mynasybetli 5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň bilen ugurdaş bu ýerde ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda gazanan üstünliklerini açyp görkezýän sergi guraldy.

Bag bitse, bagtyýarlyk bolar

Dünýäde iň wajyp, özem nesilleriň geljegi bilen bagly mesele ekologiýa abadançylygydyr. Ine, ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi Türkmenistanyň umumadamzat ösüşine hem-de abadançylygyna bagly mesele babatda gazanan üstünlikleriniň halkara ykrarnamasydyr. Bu günki günde Watanymyzyň ýüregi bolan ak mermerli gözel paýtagtymyzy guşuçar belentlikden synlasaň, onuň çar töwereginiň ýaşyl tokaýlar bilen jäheklenip duran ajaýyp görnüşdedigini görmek bolýar. Öz çygryny barha giňeldýän Aşgabadyň giň köçeleriniň, täze şaýollarynyň, dynç alyş zolaklarynyň, seýilgähleridir baglarynyň, topraga sanjylan, eýýäm saýa salyp oturan, bezeg görnüşi bilen gözüňi dokundyrýan agaçlarynyň sany nijeme milliondan geçýär.

Ýer şary üçin ajaýyp sowgat

Tutuş ynsanyýeti gujagynda saklap, biziň üçin ýaşamaga ýer, iýmäge iýmit, dem almaga howa, içmäge suw berýän Ýer şary iň çynlakaý söýgä mynasypdyr. Eýsem, biz Ýer şarynyň şeýle jomartlygyna nädip minnetdarlyk bildirip bileris? Elbetde, agaç ekip. Agaç ekmegimizden Ýer şary näderejede hoşal bolýar? Geliň, bu barada käbir maglumatlar bilen tanyş bolalyň! GOÝ, ÝER ŞARY RAHAT DEM ALSYN!

Ýur­du­myz­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni giň­den bel­le­nil­di

Aş­ga­bat, 5-nji iýun. Şu gün Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň eda­ra bi­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp «Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň döw­let eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty — dur­nuk­ly ösü­şiň we «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bin­ýa­dy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Fo­ru­ma Mil­li Ge­ňe­şiň we­kil­le­ri, te­bi­ga­ty go­ra­ýyş dü­züm­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr hü­när­men­le­ri, ýur­du­my­zyň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň — BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, BMG-niň Daş­ky gur­şaw ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň eko­lo­gi­ýa bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ger­man hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni 1972-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip, şon­dan bä­ri hem köp ýurt­lar­da bel­le­nil­ýär. Ol dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni hä­zir­ki döw­rüň äh­lu­mu­my me­se­le­le­r

Ekologiýa baýramy

Ekologik meselelere dünýä ýüzüniň bilermenleri ýokary derejede üns berip başlady. Şol bilermenler bilen bir hatarda, biziň ýurdumyz hem halkara forumlardyr maslahatlarda ekologiýa bilen bagly dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi bellemek hakynda Kararnama kabul edildi. Şonuň bilen baglanyşykly Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminde täze gurama UNEP (BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy) döredildi. UNEP bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýan ýurdumyz her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi ýokary derejede belleýär. Şol sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde maslahatlardyr çäreler, pikir alyşmalar guralýar. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň döredilmeginiň esasy maksady tebigata adamyň ýetirýän täsirini azaltmak we daşky gurşawda döreýän meselelere ähli adamzadyň ünsüni çekmekdir.

Ýur­du­myz­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni giň­den bel­le­nil­di

Aş­ga­bat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň eda­ra bi­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp «Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­niň döw­let eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty — dur­nuk­ly ösü­şiň we «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bin­ýa­dy» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Fo­ru­ma Mil­li Ge­ňe­şiň we­kil­le­ri, te­bi­ga­ty go­ra­ýyş dü­züm­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr hü­när­men­le­ri, ýur­du­my­zyň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň — BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, BMG-niň Daş­ky gur­şaw ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­sy­nyň, BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň eko­lo­gi­ýa bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ger­man hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk jem­gy­ýe­ti­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni 1972-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­lip, şon­dan bä­ri hem köp ýurt­lar­da bel­le­nil­ýär. Ol dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni hä­zir­ki döw­rüň äh­lu­mu­my

Daşky gurşawyň aba­dan­çy­ly­gy

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň döw­let we dün­ýä äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan iş­le­rin­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zyň, gö­zel­lik­le­ri­mi­ziň go­ra­lyp sak­lan­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, eko­lo­gi­ýa yl­my esas­da öw­re­ni­lip, jem­gy­ýet bi­len te­bi­ga­tyň ara­syn­da öza­ra bag­la­ny­şyk ke­ma­la gel­ýär. Oňa yl­my dil­de «eko­lo­gik gat­na­şyk­lar» di­ýil­ýär. Jem­gy­ýet bi­len te­bi­ga­tyň bag­la­ny­şy­gy he­mi­şe­lik­dir we üz­nük­siz­dir. Tö­we­rek­dä­ki te­bi­gy gur­şaw ada­myň ýa­şaý­şy­nyň şer­ti we se­riş­de­si hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Jem­gy­ýe­tiň we te­bi­ga­tyň öza­ra gat­na­şy­gy yk­dy­sa­dy we eko­lo­gik gör­nüş­de ýü­ze çyk­ýar. Bu öza­ra gat­na­şy­gyň yk­dy­sa­dy gör­nü­şi te­bi­gy gur­şa­wyň se­riş­de­le­ri­ni sarp edip, jem­gy­ýe­tiň mad­dy we ru­hy is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin te­bi­gat­dan peý­da­lan­ma­gy aň­lad­ýar.

Eko­lo­gik aba­dan­çy­lyk ugrunda

Te­bi­ga­ty, has any­gy, bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi — ekoul­ga­my go­ra­mak ýur­du­my­zyň dur­muş öz­gert­me­le­ri­niň esa­sy ug­ru­ny düz­ýär. Türk­me­nis­tan di­ňe öz çä­gin­de ýa-da se­bit­de däl, eý­sem, tu­tuş dün­ýä­de hem eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek­de ne­ti­je­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär, bu ba­bat­da öňe sü­rül­ýän oňyn baş­lan­gyç­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Bu bol­sa ýa­şaý­şyň we umu­my eko­lo­gik gur­şa­wyň go­wu­lan­ma­gy­na amat­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hä­zir tu­tuş dün­ýä eko­lo­gik me­se­le­le­ri çöz­mä­ge we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň uly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny yk­rar ed­ýär. «Te­bi­ga­ty go­ra­mak ne­sil­le­ri go­ra­mak­dyr» di­ýen aýt­gy­ny kö­pi­ňiz eşi­den bol­sa­ňyz ge­rek. Te­bi­gat bi­len yn­sa­nyň bi­te­wü­di­gi in­kär edip bol­ma­jak ha­ky­kat­dyr. Ola­ryň öza­ra saz­la­şyk­da bol­ma­gy, je­bis­li­gi adam­za­dyň howp­suz we aba­dan ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän il­kin­ji ze­rur şert­dir. Ýur­du­myz­da te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ni, daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak ýa­ly me­se­le­le­riň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­me­gi gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Hä­zir­ki wagt­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, top­ra­gy­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li ula­nyp, eko­lo­gik howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­

Dünýämiz abadan bolsun!

5-nji IÝUN — DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI Türkmenistan döwletimiz daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Şoňa görä-de, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ýurdumyzda giňden bellenilýär.

Ekologiýa howpsuzlygy

Tebigata aýawly garamagy halkymyz ir döwürlerden bäri özüniň mukaddes borjy hasaplap gelýär. Şonuň üçinem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak bilen baglanyşykly birnäçe Konwensiýalaryna hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena Konwensiýasyna işjeň goşulmagy öz-özünden düşnüklidir.Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, ýurdumyz ekologiýa meselelerini dünýä derejesinde çözmäge işjeň gatnaşýar. Öňe sürülýän halkara ähmiýetli başlangyçlaryň netijesinde suw hojalygy, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly zerur işler amala aşyrylýar. Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça hereketleriň maksatnamasynyň konsepsiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanmagynda, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagynda türkmen tarapynyň teklipleriniň eýeleýän orny, wajyplygy muňa mysal bolup biler. BMG-niň agza ýurtlarynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanan we ýurdumyz bilen bir hatarda, dünýäniň 21 döwletiniň awtordaş bolup çykyş e

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — ÝAŞAÝŞYŇ ZERURLYGY Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony gorap saklamak baradaky düşünjeleriň halkymyzyň aňyna berk ornaşmagy ugrunda ýurdumyzyň alyp barýan syýasaty dünýä ýüzünde uly abraýdan peýdalanýar. Bu bolsa öz gezeginde ekologik meseleleriň oňyn çözülmegine esas bolup hyzmat edýär. Güneşli Diýarymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy, ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga gönükdirilen işler özüniň oňat netijelerini berýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzyň görküne görk goşmak, tokaý zolaklaryny köpeltmek maksady bilen däbe öwrülip gelýän ählihalk bag ekmek çäreleri yzygiderli geçirilýär. Garaşsyz Watanymyz daşky gurşawy goramak, oňa aýawly çemeleşmek babatda oňyn içeri we daşary syýasaty alyp barýar.

Döwrüň derwaýys meselesi

5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Häzirki wagtda geljek nesillerimiz üçin ekologiýanyň ajaýyp gözelliklerini gorap saklamak tutuş adamzadyň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Şol sebäpli hem, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler geljegi nazarlaýar. “Ýaşyl ykdysadyýet” konsepsiýasyndan ugur alnyp, senagat kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Önümçilik düzüminiň täze desgalaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.

Bagly-bossanly mekan

Daşky gurşawy goramak wezipesi dünýä halklarynyň ählisi üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Sebäbi bu wezipäniň çözgütleri geljekki nesillerimiziň hem-de bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gönükdirilýär. Türkmenistan bu ugurda ajaýyp başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde öňdäki hatarda çykyş edýär, bar bolan meseleleriň çözgüdine hem-de mümkin bolan ekologiýa wehimleriniň öňüniň alynmagyna uly goşant goşýar. Döwletimiz bu ulgamda BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy konwensiýalaryny tassyklap, halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň ähmiýetli tarapy onuň özeninde jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşygyň bolmagydyr. Bu sazlaşygy üpjün etmek üçin hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär.