Tebigaty, has anygy, biologik köpdürlüligi — ekoulgamy goramak ýurdumyzyň durmuş özgertmeleriniň esasy ugruny düzýär. Türkmenistan diňe öz çäginde ýa-da sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem ekologik abadançylygy üpjün etmekde netijeli çäreleri durmuşa geçirýär, bu babatda öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine şert döredýär. Bu bolsa ýaşaýşyň we umumy ekologik gurşawyň gowulanmagyna amatly täsirini ýetirýär. Häzir tutuş dünýä ekologik meseleleri çözmäge we daşky gurşawy goramaga Türkmenistanyň uly goşant goşýandygyny ykrar edýär.
«Tebigaty goramak nesilleri goramakdyr» diýen aýtgyny köpiňiz eşiden bolsaňyz gerek. Tebigat bilen ynsanyň bitewüdigi inkär edip bolmajak hakykatdyr. Olaryň özara sazlaşykda bolmagy, jebisligi adamzadyň howpsuz we abadan ösüşini üpjün edýän ilkinji zerur şertdir. Ýurdumyzda tebigatyň gözelliklerini, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramaga, topragymyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen işler utgaşykly alnyp barylýar.