Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn tejribe

30 Aprel 2021
1495

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Çünki umumadamzat bähbitli bu ýörelgeler eziz Diýarymyzyň, şeýle hem beýleki döwletleriň-de aýdyň maksatlaryna ýetmegine, öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmegine degerli täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we oňa esaslanýan daşary syýasaty dünýäde we sebitde hoşniýetli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň baglaýjy halka bolup çykyş edýändigi umumy ykrar edilen ýagdaýa öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz her ýylyň başynda milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşyk geçirip, kanun çykaryjylyk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin degişli maslahatlary yzygiderli bermek bilen bir hatarda, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek baradaky tabşyryklaryny berýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar babatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, onuň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli hem-de bu ugurda parlamentarileriň halkara gepleşikleri, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky möhüm orny göz öňünde tutulyp, şu ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde parlament ýolbaşçylarynyň «Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentarileriň orny» atly duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirilip, ol syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetli boldy. Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygyna dünýäniň ençeme döwletleriniň gatnaşmaga we çykyş etmäge isleg bildirmegi-de ýurdumyzyň parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen syýasatymyzy goldaýandygynyň subutnamasy boldy.

Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar