Türkmenistan — Owganystan: gatnaşyklar pugtalandyrylýar

28 Aprel 2021
991

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Taraplar özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de uzak möhletleýin esasda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

"Nesil".
Beýleki habarlar