Sport — rowaçlygyň sakasy

15 Aprel 2021
1661

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagyna hem-de türkmen sportunyň abraýynyň has-da belende göterilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň berk binýatly ösen ulgamy döredilýär we dünýä derejesinde kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzda her bir adamyň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap sport toplumlary we sport mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bu günki gün milli Liderimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän watandaşlarymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga işjeň gatnaşýarlar. Sport ulgamynyň uly depginler bilen ösüşi, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda görkezýän netijeleri sportuň görnüşleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny tassyklaýar. Bu alnyp barylýan beýik işler bolsa eziz Watanymyzyň sport äleminde abraýyny barha belende galdyrýar.

Mekan TAGANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar