Ene göreldesi - perzent ýörelgesi

9 Mart 2021
1162

Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilen dabaralar uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna we agzybirlige beslendi. Bu ajaýyp bahar baýramy eziz Diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, söýginiň, maşgala ojagyna wepalylygyň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän türkmen zenanlarynyň sarpasyny we mertebesini hemişe belentde tutmaga ýardam edýär. 8-nji martda geçirilen dabaralar mähriban zenanlarymyza özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Eneler — durmuşyň başlangyjy, maýasy, gönezligi. Enä taý geljek mukaddeslik ýokdur. Dowamat eneden gaýdýar. Ene ýüregi, ene mähri hiç bir zat bilen çalşyp bolmaýan mukaddeslikdir. Ol her bir äden ädiminde perzendi goraýan gudrat, keramat. Şonuň üçin eneler keramatly Käbe bilen deňelýär. Enäniň çagasyna bolan mährini hiç bir ölçeg birligi bilen ölçäp bolmajakdygy hakykat. Ol mähri hiç bir düşünje bilen çalşyp, hiç bir galyba salyp bolmaýar. Ol aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän umman mysaly möwç urýan duýgular ulgamy. Bu duýgular adamzat bilen bilelikde dörän duýgular.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar