Ak öýleriň ýaraşygy

18 Fewral 2021
1193

Syrgyn oba gelşik berip oturan ak öýlerini «Ak öýüm—ojagym» — diýip, söýgülän ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz olary haly önümleri bilen bezemegi-de hemişe üns merkezinde saklapdyrlar. Haly türkmen halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir. Halyçylygy sungat derejesine ýetirmegi başaran eli çeper ene-mamalarymyz haly bilen birlikde ak öýleriň bezegi bolan haly önümleriniň esasy görnüşleriniň biri bolan ajaýyp torbalary dokamagy-da ussatlyk bilen başarypdyrlar.

Çagalyk ýyllarymyz ürç edinip aşyk oýnardyk. Çagalaryň arasynda ýörgünli oýun bolan aşyk oýnunda utup, aşyklarymyzy köpeldip bilsek armanymyz ýokdy. Şonda garry enemiň: «Aşyklaryňy saklar ýaly men saňa aşyktorba dokap bereýin, guzym!» diýip aýdan sözleri ýaşym birçene baranda bolsa, heniz-henizler hem ýadymdan çykanok. Şol aşyktorba, beýleki torbalar bilen birlikde häli-häzir hem maşgalamyzda mukaddes miras hökmünde saklanylýar. Garry enem köplenç işigimizdäki gara öýde bolardy. Men boş wagtlarym ýanynda bolamsoň, bilesigelijilik bilen «Gara öý näme?» diýip, ýa-da onuň içine bezeg berip duran dürli görnüşli torbalary, çuwaldyr horjun we beýleki esbaplaryň, gurallaryň atlaryny, näme üçin ulanylýandygyny sorardym. Şonda enem ýaltanman olar barada düşündirerdi:

Annamyrat BERDIMYRADOW,
Babadaýhan etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar