Dost-doganlyk hyzmatdaşlygy dabaralanýar

18 Ýanwar 2021
1946

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar beýik işlere beslenip, halklaryň, ýurtlaryň ykbalyna täsir edýän ösüş-özgertmeler bilen dabaralanýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde — 14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Mähriban Arkadagymyz: «Bu üç taslama gysga möhletlerde amala aşyryldy. Olar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir. Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir» diýip belleýär.

Berdimyrat ÝAKUBOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.
Beýleki habarlar