Türkmenistan — Owganystan: hyzmatdaşlygyň täze eýýamy

15 Ýanwar 2021
2102

Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlary işe girizildi

14-nji ýanwarda Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiz hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar. Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar