Döwletara dialogyň täze derejesi

23 Dekabr 2024
75

Türkmenistan döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, dünýä döwletleri bilen oňyn gatnaşyklary dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda alyp barýar. Bu gatnaşyklar ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine laýyklyk esasyndaky dialog boýunça barha işjeňleşdirilýär. Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişli bolup, 18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji resmi sapary amala aşyrmagy möhüm ähmiýetli wakadyr.

Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýa 2011-nji, 2016-njy ýyllarda amala aşyran resmi hem-de döwlet saparlarynyň, dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji, 2019-njy ýyllarda Türkmenistana bolan saparlarynyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýändigini bellemelidiris.

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar