Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

6 Dekabr 2024
149

Ykdysady kuwwaty boýunça dünýä döwletleriniň «Uly ýigrimiligine» (G20), jemi içerki önüminiň göwrümi babatda öňdebaryjy onluga girýän Türkiýe ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşydyr. 4—6-njy dekabr aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi, şeýle hem onuň çäklerinde guralan Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragynyň gazananlary bilen tanyşmaga we tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Sergide uzak ýyllardan bäri ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalaryň alyp barýan işleri, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek çemeleşmeler baradaky taýýarlan ýazgymyzy okyjylara hödürleýäris.

Elektron enjamlaryny we hojalyk tehnikalaryny öndürmekde baý tejribe

Taýýarlan Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar