Bedew atyň tarypyny aýdaly

23 Oktýabr 2024
435

Bedewleriň syzgyrlygy, ýyndamlygy, güýçlüligi, ylahy üşükliligi, eýesine wepadarlygy dogrusynda gadymdan galan hekaýatlar, rowaýat kysmy gürrüňler halk içinde kän. Şeýle gürrüňleriň birini obadaş ýaşulularymyzyň birinden eşidipdim. Şol hekaýatda aýdylyşyna görä, gum içindäki obalaryň birinde mal-garaly, barjamly bir çopan ýaşapdyr. Öýlenip, özbaşdak öý-ojak bolup, halallygy, zähmetsöýerligi durmuş ýörelgesine öwren çopanyň goýunlarynyň baş sany ýylyň-ýylyna artyp, özbaşyna bir süri bolupdyr. Çopanyň ýakyn syrdaşy saýýan bedew aty hem bolupdyr. Ol uly aýlawlarda hemişe baýrakly orunlary eýeleýän bedewini aýratyn yhlas siňdirip seýisläpdir.

Günlerde bir gün çopan bedew atynda ynjalyksyzlyk duýýar. Şol gün agşam diýseň güýçli ýel turup, asman-zemini saýgarar ýaly bolmandyr. Uzakly gije dowam eden ýel daňdana golaý köşeşipdir. Daňdan adaty endigine görä, ýataga baryp, mallaryndan habar alan çopan ahyrynda bedew atynyň ýokdugyny bilýär. Serinden dürli pikir-oýlar gelip-geçen çopan derhal bu ýagdaýyň sebäbini anyklamaga girişýär. Goňşy-golama, obadaşlara habar ýetirýär, emma gördüm-bildim bolmaýar. «Durnaň üstüne urna» diýlişi ýaly, şol mahal çolugy agşamky tupanda goýun sürüsiniň hem tazygyp gidendigini habar berýär. Çopan wagt ýitirmän, obadaşlary bilen mallaryň gözlegine çykýar. Ýerli-ýerden yz çalyp ýörüşlerine uzaklaşman sürini tapýarlar. Sürä möjek aralaşyp, mallaryň ýaralysynyň bardygyny bilýärler. Derhal sanap, sürüden kän malyň kem däldigini anyklaýarlar. Şonda çopany hem onuň ýanyndakylary bir ýagdaý haýran galdyrypdyr. Ýagny süriniň gapdalynda çopanyň bedewi hem gezip ýören eken. Hol beýlede gapyrgalary kül-owram bolan möjegiň jesedi ýatan eken. Çopan sürini möjekden halas eden bedewiniň boýnundan gujaklapdyr.

Begenç BAÝNEPESOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 86-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar