Muzeýe öwrülen mekdep

9 Maý 2024
1103

Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasyna baranymda, bu ýerdäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýe aýlanyp görmek mende üýtgeşik täsir galdyrdy. Muzeýiň ýerleşýän binasy geçen asyryň 40-njy ýyllarynda garry atam Berdimuhamet Annaýewiň yhlas-aladasy bilen mekdep hökmünde gurlupdyr.

Bu obada ýaşap, zähmet çekip, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk işleri bitiren Berdimuhamet mugallym tä meýletin urşa gidýänçä, bu mekdebe ýolbaşçylyk edipdir. Onuň talabalaýyk enjamlaşdyrylmagy, okuw-usulyýet işiniň kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagalla edipdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlygyň, edermenligiň nusgasyny görkezen Berdimuhamet Annaýew uruşdan sag-aman dolanyp gelip, ýene-de bu mekdepde asylly kärini dowam etdiripdir. Uzak ýyllaryň dowamynda mekdep hökmünde hyzmat eden bu bina 2012-nji ýylda muzeýe öwrülýär. Muzeý taryhy gymmatlyklara baý eken. Garry atamyň iş otagy, şeýle-de gahrymançylykly ömür ýoly bilen baglanyşykly gürrüň berýän maglumatlar, onuň fotosuratlary, ulanan iş esbaplary, maşgala agzalaryna degişli taryhy maglumatlar, beýleki resminamalardyr gymmatlyklar meniň ünsümi çekdi. Şonda garry atamyň: «Dowamat-dowam bolsun! Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen jümleleriniň çuň many-mazmunyna ýene bir ýola göz ýetirdim.

Beýleki habarlar