«Gopuz alyp, beýik nagra çaldyrsam...»

6 Maý 2024
970

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen halkynyň medeniýeti, durmuş we jemgyýetçilik esaslary, milli saz gurallarynyň atlary, gadymdan gelýän aýdym-saz sungatymyzyň mirasy bilen bagly gymmatly maglumatlar köp duş gelýär.

Milli gymmatlyklary döredijiligiň belent we mertebeli basgançaklary bilen arşa galdyrýan şahyryň eserleri we çeper lirikasy kakylyp, üflenip, kemençeli, kirişli, barmaklaryň hereketleri bilen ýerine ýetirilýän, halypadan şägirde geçip gelýän gadymy, orta asyr saz gurallarynyň atlaryna baýlygy boýunça aýratyn tapawutlanýar. Akyldaryň döredijiliginde 10-dan gowrak milli saz gurallarynyň görnüşleriniň ady önümli wasp edilýär. Jadyly saz senediniň atlarynyň iň köp nusgalary ussadyň «Ýar senden» diýen şygrynda:

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar