Türkmen halysy gelin-gyzlarymyzyň kalbyndaky gözellikden, ýüregindäki nuranalykdan dörän ajaýyp sungatdyr. Ol – öýümiziň, toýumyzyň bezegi, durmuşymyzyň ýaraşygy, çeper elli ene-mamalarymyzyň, gyz-gelinlerimiziň ussatlygynyň güwäsi. Şu gün 3-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, we welaýatlarda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, şeýle-de ýurdumyzyň ýaş halyçy gelin-gyzlarynyň arasynda «Türkmen halysy – milli buýsanjymyz» atly baýramçylyk sergi bäsleşigi geçirildi.