Şygyrlardan owazlanýar köňüller

30 Aprel 2024
907

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijiligi, umumadamzat ähmiýetli pikirleri, pähim-parasada ýugrulan öwüt-ündewleri nesilden nesle geçip, asyrlaryň dowamynda öwrenilýär. Akyldar şahyrymyz bütinadamzat ähmiýetli ajaýyp şygyrlary bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem ýüreginden orun alan şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çeper söz ussadynyň edebi mirasyny has düýpli öwrenmek, giňden wagyz etmek, dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňdir, köptaraplydyr. Onda türkmen halkynyň geçmişi, geljegi öz beýanyny tapýar. Watansöýüjiligi, päk ahlaklylygy, halallygy, merdi-merdanalygy, ynsaplylygy ündän dana Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Ýurt berkararlygy, il azatlygy baradaky oý-pikirler, arzuwlar bilen ýaşan şahyryň şygyrlarynda ata Watana, ene topraga, il-gününe çäksiz söýgi, uly buýsanç bar. Pyragy:

Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar