Älemde meşhur, at gazanan halym

28 Aprel 2024
899

Haly türkmeniň düýni, şu güni, ertesi barada sözsüz beýan edilen sungat. Türkmen halylary asyrlaryň jümmüşinden gelen dana meňzeýär. Ol dymdygyça, şöhraty beýgelýär. Haly —  türkmeniň ýüregi, halkyň kalby. Kämillik derejesine
göterilen bu sungat barada türkmeniň ýaýlyp ýatan sähralary, tebigaty sözsüz gür berýär. Halkyň ýürek owazyndan dörän halylaryň owazasy häzirki wagtda has-da dabaralanýar. Mälim bolşy ýaly, türkmeniň nusgawy hem-de döwrebap halylaryny dokamakda ýurdumyzda iň iri önümçilik hasaplanylýan «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bu ugurda baý tejribeleri gazandy. Bu birleşigiň esasy wezipesi halkymyzyň geçmişini şu güni bilen berk baglanyşdyrýan bu sungaty geljekki nesillere has-da kämilleşdirip ýetirmek bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-sinde elde dokalýan haly we haly önümleri öndürilýär. Birleşigiň çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän dürli nagyşly, şekilli we ýüz keşpli halylar hem-de sowgatlyk önümler bilen bir hatarda, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri işlenilip taýýarlanylýar. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 104 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji çeper halyçylyk kärhanalaryň ussat hünärmenleriniň zehininden çykýan ajaýyp sungata ýene bir ýola guwanmaga esas döredýär.

Şemşat ATDAJAÝEWA,
Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Beýleki habarlar