Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda haýyr-sogaba beslenen işleriň ençemesi durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine tamamlanyp barýan aprel aýynyň dowamynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde açylan täze Seýit Jemaleddin metjidiniň, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze gurlan metjitleriň açylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Mukaddes Remezan aýynyň iň mübärek günleriniň biri bolan Gadyr gijesi mynasybetli aprel aýynyň 5-ine welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynda täze gurlan metjidiň açylmagy biziň ählimizi diýseň buýsandyrdy. «Dowamat» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan, ynsanlary jebislige, sahawatlylyga hem rehimdarlyga çagyrýan bu täze metjit «Ruhubelent» diýlip atlandyrylyp, onuň umumy meýdany 3 gektara barabardyr. Täze metjit bir wagtyň özünde 300 adama namaz okamaga mümkinçilik berýär hem-de onuň çäginde 300 adama niýetlenen sadaka jaýy hem halka hyzmat edýär. Täze metjide Arkadagly Gahryman hajy
Serdarymyzyň adyndan ýörite awtoulaglaryň gowşurylmagy bolsa has-da buýsandyryjydyr. Döwrebap binagärlik çözgütleriniň we iň täze arhitektura tejribeleriniň milli ýörelgeler bilen utgaşdyrylmagynda gurlan metjidiň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylandygy, onuň töweregine bag nahallarynyň oturdylandygy bu ýere ýagşy doga-dileg etmek, namaz okamak üçin gelýän ildeşlerimiziň göwünlerini has-da galkyndyrýar.