30-njy ýanwarda «Global Gateway» forumynyň çäklerinde «Türkmenistanyň çemeleşmesi: üstaşyr merkeziň mümkinçiliklerini öwrenmek» atly sessiýa geçirilip, ol Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag toplumyna maýa goýumlaryny gönükdirmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy.
Häzirki zaman dünýäsinde ulag-logistika pudagy yklymlary, döwletleri we halklary birleşdirmekde möhüm orun tutýar. Şonuň üçin-de biziň günlerimizde dünýä derejesinde bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bilşimiz ýaly, soňky birnäçe ýylda Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukyby dünýäde uly gyzyklanma döredip, bu sebitiň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy köpri bolmagy üçin düýpli başlangyçlar öňe sürülýär.