Türkmenistan bilen Türkiýäniň baş diplomatlary raýat awiasiýasy, energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

3 Fewral 2024
327

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda raýat awiasiýasy we energiýa hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkiýäniň “Anadoly” agentligi habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça pikir alyşdylar.

Beýleki habarlar