«Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesiniň geçirijilik ukyby ösdüriler

30 Ýanwar 2024
424

Özbegistan Hytaýy Merkezi Aziýany Türkiýe bilen birleşdirýän ulag geçelgesine goşulyşmaga çagyrýar. Bu geçen hepde Pekinde «Özbekdemirýollary» paýdarlar geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýew bilen «Hytaý döwlet demirýollarynyň» başlygy Go Szuhuýeniň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy diýlip, «nCa» tarapyndan habar berildi. Şeýle hem bu geçelgäniň geçirijilik ukybyny bilelikde ýokarlandyrmak teklip edilýär.

«Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ulag geçelgesi arkaly Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda halkara multimodal ulag geçelgesini döretmek boýunça degişli Teswirnama 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkende gol çekildi.

Beýleki habarlar