Netijeli gatnaşyklary pugtalandyryp

30 Ýanwar 2024
693

Şu günler Malaýziýanyň «PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň wekilleri ýurdumyzda iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, bu kompaniýa Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barýar we ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýar.

«PETRONAS» kompaniýasynyň halkara aktiwler boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy hem-de konserniň hünärmenleri bilen duşuşdylar. Duşuşykda türkmen tarapynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan işleriniň esasynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýanyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini, gaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ilerletmegiň Türkmenistanyň strategik ugurlarynyň biridigini bellediler. Nebitgaz senagatynyň baý kuwwatyny has netijeli peýdalanmaga, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, ekologiýa, gazyp alýan, gaýtadan işleýän ulgamlaryň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Duşuşykda taraplar bular barada, şeýle-de alnyp barylýan işleri maksadalaýyk giňeltmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda pikir alyşdylar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar