«Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş

25 Ýanwar 2024
433

Döwletimiziň uzak möhletleýin ösüş maksatnamalarynda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilip, ýurduň has-da kuwwatlanmagynyň «ýaşyl» ýörelgelerinden ugur alynýar. Ýurdumyzdaky gurluşyk we binagärlik taslamalarynda hem durnukly «ýaşyl» ösüş konsepsiýasynyň esasy wezipeleri durmuşa geçirilýär. Daşky gurşawyň hilini gowulandyrmak arkaly ekoulgamlaryň ýaşaýşa ukyplylygyny we ekologiýa sagdynlygyny ýokarlandyrmak; galyndylary dolandyrmagyň netijeliligini artdyrmak; hojalyk işiniň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny berjaý etmegiň ykdysady esasynyň höweslendiriji ulgamyny döretmek; şäherleriň we obalaryň howpsuzlygyny we ekologiýa taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmak, şol sanda bu işi «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek arkaly amala aşyrmak; ilatyň ekologiýa biliminiň we ekologiýa medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler muňa mysaldyr. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçilmegi adamzadyň daşky gurşawa zyýansyz, abadan we durnukly ykdysady işini üpjün edýär. Ol «ekologik ykdysadyýet» we «daşky gurşawyň ykdysadyýeti» düşünjeleri bilen baglanyşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri, şol sanda gol çekilen möhüm resminamalar ýurdumyzda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ugrundaky geljegi uly başlangyçlaryň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda ýurdumyzyň ileri tutýan ekologik garaýyşlaryny we başlangyçlaryny beýan etdi. Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar.

Ybraýym GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar