Göwünleri gülledýän gözellik

24 Ýanwar 2024
703

Gözelligiň goýnunda gezelenç etmegiň ýakymyny diýsene! Beýle pursatlar ynsan kalbyny şatlyga besleýär, pikirlerini durlap, döredijilik ukybyny artdyrýar. Merjen şäherimiz Aşgabadyň Modeller öýünde ýaýbaňlandyrylan sergä gelen myhmanlar hem üç günüň dowamynda şeýle lezzetli pursatlar bilen gurşaldylar. Türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünärinden döreýän nepislikler güneşli ülkämizden has uzaklardan gelen myhmanlaryň ýüreklerine-de mahmal ýol saldy.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegine bagyşlanan forumy ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde gurady. Modeller öýüniň sergi zalyny bezän milli gymmatlyklarymyz bu ýere gelenleri zenan dünýäsiniň näzikligi bilen ýüzbe-ýüz etdi. On barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlaryň döredijilik ukybynyň tebigat bilen sazlaşygy, ussatlygynyň inçelik bilen utgaşygy zenan başarnygynyň asyl nusgasy bolup açyldy. Gözellik sergisine gatnaşýan «Route De La Soie Et Al-Andalis» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, «Oriental Fashion Show» moda görkezilişiniň esaslandyryjysy Hind Žudar bilen söhbetdeş bolanymyzda, meşhur fransuz dizaýneri milli gymmatlyklarymyz baradaky täsirlerini biz bilen paýlaşdy.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar