Türkmenistan — Türkiýe: doganlyk gatnaşyklar berkidilýär

12 Ýanwar 2024
516

8-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede ösüş ýolundan ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar