Ankarada geçirilen ylmy maslahat

9 Ýanwar 2024
570

Golaýda Ankara şäherinde 2024-nji ýylyň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi. Oňa Türkiýedäki akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelligensiýanyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy, Ankaranyň jemgyýetçilik ylymlary uniwersiteti hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi tarapyndan bilelikde guralan çärede jemgyýetçilik-syýasy işgärleriň, magtymgulyşynaslaryň, alymlaryň çykyşlaryna giň orun berildi.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar