Biziň ýolumyz — dostluk, doganlyk ýoly

8 Ýanwar 2024
806

Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary barada söhbet

Täze ýyl. Täze ýol. Täze uçar... Ine, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bäşinji güni şu üç täzeligiň tereň täsirine beslendi. Şol gün Aşgabadyň ganat ýaýan laçyn keşpli Halkara howa menziline täze «howa gämisi» gelip gondy. «Boeing 777-300ER» kysymly bu uçar bilen Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça ilkinji howa gatnawy amala aşyryldy. Bu wakanyň hut türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyna gabat gelmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi türkmen döwletiniň syýasatynda söz bilen amalyň bir-bitewülikdigini tassyklady. Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri, täze belentlikleri nazarlaýandygynyň simwoliki nyşanyna öwrüldi. «Uzyn-uzyn ýollar bolmasa, ýakyn-ýakyn iller bolmaz» diýleni. Halklar, ýurtlar ýollar bilen birleşýär. Gatnaşyklar ýollarda berkeýär...

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat.
Beýleki habarlar