Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesiniň ösüşi boýunça duşuşyk geçirildi

27 Dekabr 2023
508

Stambulda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» multimodal ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň demir ýol administrasiýalarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda bu ulag ýolunyň ösüşi bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Özbegistanyň demir ýollarynyň» maglumat-seljeriş mediýa merkezi tarapyndan habar berildi.

Duşuşykda, esasan, demir ýolda bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň girizilmegi we bu ugur boýunça daşamalaryň mukdarynyň ýokarlanmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugur boýunça daşamalar üçin elýeterli we bäsdeşlige ukyply bahalaryň kesgitlenmegi harytlaryň we ýükleriň daşalýan mukdaryny ýokarlandyrmaga kömek eder diýen netijä geldiler.

Beýleki habarlar