Türkmenistan Ýerewanda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar

13 Dekabr 2023
693

Türkmenistanyň wekiliýeti 14-15-nji dekabrda Ýerewanda (Ermenistan) geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu barada ermeni metbugatyna salgylanyp, «Report.az» habar berýär.

Ermenistanyň çäginde BMG bilen bilelikde guralan iň iri çäreleriň biri bolmagyna garaşylýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň duşuşygynyň temasy «Durnukly ykdysadyýet üçin deňhukukly, elýeter we inklýuziw ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek» diýlip atlandyrylar. Bu forum 2024-nji ýylyň iýun aýynda Kigalide (Ruanda) geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Üçünji konferensiýasyna taýýarlyk bilen bagly tematiki duşuşyk bolar.

Beýleki habarlar