Dialog — ylalaşyp bilmek sungaty

13 Dekabr 2023
674

Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigini bu sungaty ilerletmäge çagyrýar

Häzirki zaman dünýäsinde dialogyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmagyň, köptaraplaýyn, netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň guralyna öwrülendigi nazara alnanda, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan işjeň ilerledilýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň näderejede ähmiýetlidigi öz-özünden düşnükli bolýar. 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen wekilçilikli forum hem ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde ileri tutýan bu başlangyjynyň Ýer ýüzünde giň goldawa mynasyp bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar