Marokko Ispaniýa rekord mukdarda gawun eksport etdi

11 Dekabr 2023
675

2023-nji ýylyň 9 aýynda Marokko umumy bahasy 10 million amerikan dollaryna deň bolan 13,8 müň tonna gawuny Ispaniýa eksport etdi. Bu görkeziji Marokkodan Ispaniýa eksport edilen gawunyň mukdary boýunça rekord hasaplanýar.

Marokko öz gawunyny ispan bazaryna dowamly eksport edýän ýurt bolup, adatça, ýyllyk eksportyň ortaça mukdary 4 — 8 müň tonna barabar bolýar. Diňe Ispaniýada çakdanaşa guraklyk bolan 2018-njy ýylda bu görkeziji 12 müň tonna ýetipdi. Marokkodan Ispaniýa eksport edilýän gawunyň aglaba bölegi bahar aýlaryna gabat gelýär. Ýeri gelende bellesek, Ispaniýa gawun importynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri hasaplanýar. Has takygy, Ispaniýa bu ugurda dünýäde ýedinji orny eýeleýär. Şu ýylyň 9 aýynda ispan bazaryna daşary ýurtlardan 78 müň tonna gawun getirilip, bu görkeziji mundan ozalky degişli döwri bilen deňeşdirilende, täze rekorddyr.

Taýýarlan: Wepa Weliýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar