«Mars» kompaniýasy «Hotel chocolat» kompaniýasyny satyn alýar

26 Noýabr 2023
452

«Mars Inc.» amerikan kompaniýasy premium şokoladyny öndüriji «Hotel Chocolat Group Plc» britan kompaniýasyny 534 million funt sterlinge (662 million amerikan dollary) satyn alýar.

Geleşigiň şertine görä, «Mars» «Hotel Chocolat» paýnamalaryna geçen hepdäniň çarşenbe günündäki söwdalaşyk bahasyndanam (139 pens) 2,7 esse köp (375 pens) tölär.

Gülnabat Saparowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar