Britan ykdysadyýeti: düýnden ertire

26 Noýabr 2023
594

XVIII asyrda Beýik Britaniýa dünýäniň senagat taýdan ösen ilkinji döwletidi. XIX asyrda tehnologiýa artykmaçlygy bilen dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeledi. Baryp-ha, 1870-nji ýylda dünýäniň jemi içerki önüminiň 9,1 göterimini tutdy. Geçen asyryň başlaryndan 40-njy ýyllary aralygynda ykdysadyýetinde birneme kynçylyklara sezewar bolýar. Şeýle-de bolsa XXI asyrda britanlar dünýäniň iň möhüm güýjüne öwrülýär. Ösen sosial bazar ykdysadyýeti bilen Beýik Britaniýa jemi içerki önümi boýunça dünýäniň 6-njy, satyn alyş güýji bilen 9-njy, adam başyna düşýän jemi içerki önümi bilen 21-nji döwleti hasaplanýar.

Geografik taýdan kiçi ýurt bolandygyna garamazdan, 2022-nji ýylda 67 million ilaty we 3,1 trillion amerikan dollarlyk jemi içerki önümi bilen Ýewropada 2-nji ýeri eýeledi. Häzirki wagtda iňlisleriň esasy eksport harytlary mineral ýangyçlar, mehaniki enjamlar, çig nebit, altyn bolup, olar Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Niderlandlar Patyşalygyna, Germaniýa, Irlandiýa ugradylýar.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar