Gözel binalary bilen görklenýän şäher

25 Noýabr 2023
780

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetiren hoş habar — 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Mermer paýtagtymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan dünýäniň iň gözel we tehnologik taýdan ösen şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilip, «Dizaýn» ugurly döredijilik şäherine öwrülmegi «Aziýanyň merjeni» hasaplanýan baş şäherimiziň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek Arşa göterdi.

Biz bu gün «Gurýan döwlet gurpludyr» diýen jümläni ata Watanymyzyň mysalynda açyk-aýdyň görýäris. Çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti gurýan, döredýän ýurt hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Obalarymyzy, şäherlerimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalarynyň, şähergurluşyk-binagärlik ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde eziz Diýarymyz häzirki wagtda tutuşlygyna gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň tanalmaz ýaly derejede ösüp-özgermegi, ýurdumyzyň dürli künjeginde täze oba-şäherleriň döremegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalar toplumlarynyň gurulmagy döwrümiziň beýik arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-zehininiň, tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesidir.

Merjen MÖWLAMOWA,
Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar