Jemleýji synaglara taýýarlykly baralyň!
2023 — 2024-nji okuw ýyly Tejen etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdep üçin şowly ýyllaryň biri boldy. «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginde mekdebimiziň okuwçylarynyň ýigrimi altysy welaýat tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Onuň döwlet tapgyrynda bolsa alty okuwçymyz üstünlik gazandy. Şol üstünlikleriň esasy görkezijisi bolsa mekdebi tamamlaýan okuwçylarymyza degişlidir. Şu ýyl mekdebi uçurymlarymyzyň 84-si tamamlar. Hawa, esasy jogapkärçilik öňde. Mekdebi tamamlaýan okuwçylarymyz jemleýji synaglaryny üstünlikli tabşyrmak üçin taýýarlyk işlerini netijeli geçýärler. Bu işlerde okuwçylara mekdebiň mugallymlary Döwran Mukymow we Öwezdurdy Hanow uly goldaw berýärler.