2023-nji ýylyň 20-nji martynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy bilen açyldy.
Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatynda çykyş edenler ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde üstünlikli amala aşyrylýan dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmegiň uly ähmiýete eýe bolýandygyny, täze taryhy döwürde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän iri göwrümli maksatnamalaryň ýurdumyzyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde has dabaralanýandygyny bellediler.