Bildiriş

25 Ýanwar 2023
1029

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda çykaran «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 517-VI belgili kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çägindäki ýerleriň hem-de dolandyryş-çäk birlikleriniň Akdepe etrabynyň düzümine, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýatyrylyp, onuň dolandyryş çägindäki ýerleriň hem-de dolandyryş çäk birlikleriniň Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirilýändigi, Daşoguz welaýatynyň  Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň Babadaýhan, Şatlyk obalarynyň Daşoguz şäherine birikdirilýändigi sebäpli, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndaky 22 belgili haty esasynda, Andalyp şäherinde we geňeşlikleriň ilatly ýerlerinde hereket edýän aragatnaşyk beketleriniň 003-43 ugur kodunyň ýatyrylyp, 003-44 ugur koduna geçirilip, telefon beketleriniň telefon belgilerine üýtgeşmeleriň girizilýändigi; Gubadag şäherinde we geňeşlikleriň ilatly ýerlerinde hereket edýän aragatnaşyk beketleriniň 003-45 ugur kody ýatyrylyp, 003-46 ugur koduna geçirilip, telefon beketleriniň telefon belgilerine üýtgeşmeleriň girizilýändigi; Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň öňki Babadaýhan, Şatlyk obalarynda hereket edýän aragatnaşyk beketleriniň 003-48 ugur kodunyň ýatyrylyp, 003-22 ugur koduna geçirilip, telefon beketleriniň telefon belgilerine üýtgeşmeleriň girizilýändigi habar berilýär.

* * *