Terjimeçilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

12 Dekabr 2022
1380

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen sözlerinden, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan terjimeçilik sungatyny ösdürmek, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de ýetişdirmek baradaky taýsyz aladalaryndan ugur alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda yglan eden «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda  talyp ýaşlar terjime sungaty hakdaky öz garaýyşlaryny, haýsy terjimeçilik usullaryny ileri tutýandyklaryny beýan edip, daşary ýurt dillerinden özleriniň saýlap alan eserlerini ýa-da eserlerden bölekleri (4-5 sahypa möçberinde) terjime etmeli. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda terjimeçilik ugry boýunça ilkinji gezek geçirilýän bäsleşige gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ýokary hem-de ýörite orta hünär okuw mekdeplerinden 400 (dört ýüze) golaý terjime eseri gelip gowuşdy. Eserleriň arasyndan jüpüne düşen akgynly terjimeleriň 40-a golaýy saýlanyp alyndy we ýeňijiler kesgitlenildi.

"Dünýä edebiýaty"