Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň taryhyny öwrenmekde hem-de ony halkymyza ýetirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Düýn Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri: öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we onuň garamagyndaky Taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we institutda ýadygärlikleri rejelemek hünäri boýunça bilim alýan talyplar, muzeý işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Biz hem sanly ulgam arkaly geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylaryň käbiriniň ýürek sözlerini gazetiň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
Aýjan ŞAÝYMOWA,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň esasy hünärmeni: