Muny bilmek gyzykly

23 Oktýabr 2022
2854

Çagalar! Guşlar barada bilmek, olaryň käbir görnüşleri bilen tanyş bolmak siziň üçin täsin bolsa gerek. Geliň, olar barada bilýän maglumatlarymyzy bileje paýlaşalyň!

Durna — guşlaryň arasynda owadanlygy, täsinligi bilen tapawutlanýar. Halk arasynda «Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi — gapyňy» diýlen atalar sözi hem bar. Türkmen halky durnalaryň toýnuk gurap geçişlerine söýgi bilen garaýarlar. Ýurdumyzda durnanyň ak durna, çal durna, owadan durna ýaly görnüşlerine duş gelinýär. Bularyň içinde ýurdumyzda beýlekilere garanyňda ak durna köp duş gelinýär. Durnalara Tejen, Murgap, Garagum, Amyderýa jülgelerinde, Köpetdagyň eteklerinde we Hazaryň kenarýakasynda we beýleki ýerlerde gabat gelinýär. Durnalar ösümlikleriň ýerasty baldaklary, ter otlaryň ýapraklary, seýregräk mör-möjekler we ownuk gemrijiler bilen iýmitlenýärler. Durna guşlary süri bolup uçýarlar. Özem «toýnuk» şekilini ýasap ýa-da döwre gurap (tegelenip), gykuwlaşyp uçýarlar.

Taýýarlan Nuraly AMANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.