Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Köne Nusaý ýadygärlikler toplumy özüniň binagärçilik nusgasy bilen beýleki ýadygärliklerden tapawutlanýar. Dünýäniň medeni ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biri bolan Köne Nusaý özüniň taryhy ýolunda ençeme atlara eýe bolupdyr. Bular barada ýazuw çeşmelerinde dürli maglumatlara gabat gelmek bolýar. Grek-rim awtorlarynyň işlerinde Merkezi Aziýada, Hindistanda, Eýranda, Kawkazda, Kiçi Aziýada we başga ýerlerde birnäçe «Nusaý» adynyň getirilýändigini bellemek gerek. Orta asyr çeşmelerinde we häzirki zaman toponimikasynda Täjigistanyň, Eýranyň, Owganystanyň «Nusaý» atly birnäçe obasy ýatlanyp geçilýär.
Gadymy Parfiýa şalygynyň döreden binagärçilik mirasyndaky binalaryň bezeg aýratynlyklary barada hem bellemek gerek. Köne Nusaýdan tapylan binanyň bezeg bölekleri özüniň ýerine ýetirilişi we ussatlygy boýunça taryhçylarda uly gyzyklanma döredýär. Binanyň içi ýörite diwar bezeg suratlary (freskalar) bilen bezelipdir.