Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly ösüşlere, özgerişlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ata Watanymyzyň taryhyny, medeniýetini we beýleki özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. 5000 ýyldan gowrak şöhratly taryhymyzyň arheologik ýadygärlikleriniň, baý medeni-mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilip, ýaş nesle ýetirilmegi ýurdumyzda möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Türkmen topragy dünýä medeniýetiniň, taryhynyň, özara söwda-aragatnaşyk gatnaşygynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan gadymy ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň çäklerinde orta asyrlar döwürlerine degişli ýadygärliklerden, gadymy şäherlerden ýüze çykarylan çyralar taryhy, ýasalyş usullary we ulanyş aýratynlyklary boýunça düýpli öwrenilen arheologik tapyndylardyr. Çyradanlar orta asyr döwürlerinde giňden ýaýrap, ynsanyň ýaşaýyş-durmuşynda öýi yşyklandyrmak üçin wajyp ulanylan önümleriň biri bolupdyr. Dürli maksatlara laýyklykda olaryň birnäçe görnüşleri bolupdyr. Olaryň görnüşleriniň, bezegleriniň, göwrümleriniň tapawutlylygyny çyradanlaryň ýasalyş ýerleriniň (şäherleriň, halklaryň, döwletleriň) medeni durmuşy, etnik gelip çykyşlary arkaly häsiýetlendirmek bolýar. Çyradanlaryň ulanyş aýratynlyklary hem hut olaryň ýasalyş aýratynlyklaryna, çyradany ulanýan halklaryň medeniýetine baglydyr.