Ylym — Watan kuwwaty

7 Iýun 2022
1583

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan özüniň ösüşli ýoluny ynamly dowam edýär. Ýurdumyzda möhüm wakalar bolup geçýär, şeýle hem ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerilip, toý-baýramlarymyz giňden bellenilýär. Ine, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň iýun aýynda hem köpsanly baýramlaryň hatarynda Ylymlar güni uly dabaralara beslenip toýlanar.

Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän bu şanly baýram Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde 2007-nji ýylda esaslandyryldy. Şol döwürde alym Arkadagymyzyň başyny başlan ylmy-tehniki özgertmeleri milli ylym ulgamynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminiň kämilleşdirilmegine hem-de ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenmegine, ýokary derejeli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň taýýarlanmagyna, amatly zähmet hem-de iş şertleriniň döredilmegine itergi berdi.

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory, pedagogika ylymlarynyň doktory.