«Samsung» smartfonlary planşet hem bolar
Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen smartfonlar özüniň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Bu işde Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi özüniň täze smartfonlary üçin patent aldy. Kompaniýanyň täze smartfon görnüşini iki tarapa uzaldyp, planşet ýerine hem ulanyp bolar. Ýakyn wagtda koreý tehnologiýa kompaniýasy täze görnüşli bu smartfonlaryň önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Tehnologiýa ägirdi soňky ýyllarda täze görnüşli önümleri bilen dünýä bazarynda öz ornuny berkidýär. Mundan ozal, kompaniýa özüniň eplenýän «Galaxy Fold» modelleri bilen smartfon bazarynda täzelik döredipdi. Kompaniýanyň şu ýylda satuwa çykaran «S 22» önümi hem alyjylaryň uly islegine eýe bolýar.