Täsin ýadygärlikleriň ojagy

27 Aprel 2022
2234

Türkmen topragy adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýar. Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň gönüden-göni şaýatlary bolup durýan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni çekip gelipdir. Türkmenistanda gadymy arheologik we arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin döwlet taryhy-medeni goraghanalar döredildi. 

Welaýatymyzdaky «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasy tarapyndan welaýatymyzyň çägindäki taryhy-arheologik, arhitektura ýadygärlikleriniň 240-dan gowragy hasaba alnandyr. Goraghananyň işgärleri ýadygärlikleri goramak bilen birlikde, gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýerlerde rejeleýiş işlerini hem alyp barýarlar. Bu, ilkinji nobatda, bişen kerpiçden bina edilen ymaratlara degişlidir. Etrek etrabynda ýerleşýän Dehistan düzlüginde ýadygärlikleriň ençemesi bardyr. Bu ýerde gadymy döwürlerden başlap, orta asyrlara çenli medeniýetleriň gülläp ösendigini taryhy maglumatlar tassyklaýar.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.