(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)
Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça: guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek üçin himiki serişdeleri we düzümleri almak boýunça institutyň guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek laboratoriýasynda ylmy-barlag işleri doly ýerine ýetirildi. Alym-hünärmenler tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Nebit we gaz guýularynda gatlak suwlaryny izolirlemegiň usuly» atly oýlap tapyşa Türkmenistanyň çäklendirilen patenti alyndy. Hödürlenilýän usul bolan alýuminiý gossipolýatynyň çökündisi bilen gatlak suwuny çäklendirmek işlerini geçirmek üçin zerur hasaplanylan tehnologik işleriň meýilnamasy düzüldi we 2020-nji ýylyň dowamynda Goturdepe nebitgaz käniniň 2 sany guýusynda önümçilik-synag işleri geçirildi. Geçirilen synag işlerinde netijelilik gazanylandygy göz öňünde tutulyp, ony önümçilikde giňişleýin ulanmak teklip edildi.