Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Müňýyllyklaryň dowamynda merdana türkmen halkynyň durmuşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyza aýratyn üns berlipdir. Çünki halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde ýürekdeş syrdaşy bolmak bilen, köňül buýsanjyna, dilleriniň senasyna öwrülip gelipdir» diýip belleýär.
Ahalteke bedewleri milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Şonuň üçin bedewlerimiz bilen baglanyşykly her bir işe uly üns berilýär.