Magtymguly we dünýä ylmy

8 Fewral 2022
2392

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, öz ady hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýän Magtymguly Pyragynyň mertebesi müdimidir. Hut şonuň üçin-de, şahyryň ismi asyrlardan-asyrlara dillerden düşmän gelýär. Gündogary öwreniji alym A.Ý.Krymskiý öz işlerinde «Magtymgulynyň şahsyýeti barada eýýäm köp sanly legendalar aýdylýar» diýip ýazypdyr. Alym A.Baýmyradow bolsa «Rowaýatlarda taryhy şahslar» atly kitabynda her bir rowaýatda beýan edilýän wakanyň jümmüşine aralaşmagyň uly ähmiýete eýedigini belläp, öz pikirini Magtymguly Pyragy hakda halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlar bilen berkidýär. Uzak ýyllaryň dowamynda bize Magtymguly Pyragynyň Eýranda ýaşaýan kowumdaşy Aba işandan şahyryň golýazmalarynyň ähmiýeti dogrusynda birnäçe rowaýatlary ýazyp almak miýesser etdi. Şol rowaýatlaryň käbirini okyjylara ýetirmegi hem-de beýik akyldaryň golýazmalarynyň dünýä ýaýraýşy hakynda söz açmagy makul bildik.

Molladurdy goşukly

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.