Milli gymmatlyklara sarpa

11 Ýanwar 2022
3070

Türkmen alabaý itleri halkymyzyň buýsanjy bolup, olar taryhy-medeni we ruhy mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu ajaýyp tohum itleriň sanyny köpeltmek, ýurdumyzda itşynaslygyň ýokary hünär derejesindäki döwrebap düzümini döretmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler milli taryhy-medeni mirasymyzy goramagyň hem-de wagyz etmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Itşynaslyk gadymdan gelýän asylly däplerimiziň biridir.

Häzirki wagtda türkmen itleriniň milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde goralyp saklanylmagyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän uly orny hem-de olaryň köpýyllyk seçgiçilik işleri, bu tohum itleriň gelip çykyşy baradaky pikir ýöretmeleri, taryhy we medeni maglumatlary özünde jemleýär.

Maral MYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.