Ýaponiýanyň awtoulag öndürýan «Toyota Motor» kompaniýasy Demirgazyk Karolinada (ABŞ) elektrikleşdirilen awtoulaglar üçin umumy bahasy ABŞ-nyň 1,29 milliard dollaryna barabar bolan batareýa öndürýän zawodyny gurar. Demirgazyk Karolinanyň merkezinde gurulmaly zawod, ABŞ-nyň bu ştatynda 1750 iş ýerini döreder. Önümçlik desgasyna maýa goýumlary 2031-nji ýyla çenli harçlamak meýilleşdirilýär. Şeýle-de «Toyota»-nyň täze zawody kompaniýanyň oktýabr aýynda yglan eden elektrik ulaglarynyň önümçiligi üçin goýberen, takmynan, ABŞ-nyň 3,4 milliard dollaryna barabar maýa goýumyndan hem maliýeleşdiriler. Geçen söwdalarda «Toyota»-nyň bir paýnamasynyň bahasy 2068 ýena barabar boldy.